Türkmenistanda howa araçy merkezi AVIAV TM (Cofrance SARL)bilenislendik meseläni çözmäge laýykdikuçarbuýurmak. Howa taksisiniň bähbitleri. Dikuçarlygezelençler, ýurduň gezip görmeli künjekleri.

Türkmenistanyň meýdanynyň uly bölegini çöllük we daglyk ýerler tutýar. Bu bolsa ýol gurluşygyny kynlaşdyrýar, şonuň üçin trassalaryň heniz gurulmadyk ýerleri hem kän. Ýurduň içinde gatnaw çäkli, aýratyn hem barmasy kyn bolan ilatly nokatlara barmaly bolan ýagdaýlarda şol mesele ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlarda dikuçar – deňi taýy bolmadyk kömekçidir.

Halkara howa dolandyryş merkezi bolan AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň alyp barýan işleriniň kömegi bilen, Türkmenistanda, zerurçylyk ýüze çykan wagtynda  islendik ugura dikuçar hem buýurup bilersiňiz. Uçaryň baryp bilmejek ýa-da gonup bilmejek ýerlerine hem baryp bilýär hem-de arkaýyn gonup bilýär. Ýörite gurnalan meýdançalardan garaşsyz, göni toprak meýdança ýa da atyza gonup bilýän hem dikuçarlar bar.

Dikuçar buýurmak uçar bilen deňeşdirilende has arzan, peýda berijiligi bolsa awtoulagyndan has ýokary. Dikuçaryň başga-da bähbitlerini:

  • Ýokary tizligi – 250-350 km/sagat;
  • Dyknyşyksyz we aýlanmasyz göni uçuşy;
  • Telefon ýa-da internediň üsti bilen AVIAV TM (Cofrance SARL) bilendessinebuýurma;
  • Ýük daşap bilijilik;
  • Mynasyp derejeli rahatlyk;
  • Uçuş wagtynda dikuçaryň äpişgesinden ajaýyp görünüşleri synlamak we surata düşürmek pursatlary;
  • Lezzetli syýahat geçirmek diýip sanap bolar.

 

Dikuçar gatnawyny öňündenbellemek

Türkmenistanda AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy bilen dikuçar buýurmak uçar buýurmakdan has ýeňil. Dikuçar buýurmak üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) iş dolandyryjy işgäri bilen habarlaşyp şu maglumatlary beriň.

  • Gatnawyň ugry,
  • Ýolagçy sany,
  • Bar bolsa el goşy barada maglumat,
  • Gatnaw üçin bar bolsa, aýratyn islegleriňizi,
  • Gatnawyň maksady,
  • Ugramagyň senesi we wagty,
  • Goşmaça hyzmatlar,
  • Habarlaşmak üçin maglumatlar.
Читайте также:  Türkmenistanda howa ýük daşamalary

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň işgäri size iň ýakyn ýerleşýän dikuçar meýdançasynyň salgysyny berýer, we zerur bolsa Size meýdança barmak üçin ulag bilen hem üpjün ediler. Şeýle hem, siz öz mali mümkinçilikleriňize we islegiňize laýyk gelýän dikuçaryň kysymyny özüňiz saýlap bilersiňiz. Müşderilerimiz üçin elýeterli dikuçar görnüşleri we ýokary oňaý talap edýän ýolagçylar üçin  bolsa VIP-oňaýly görnüşleri bar. Uzak wagtlaýyn syýahata buýrulýan dikuçarlarda  iýmit şertlerini hem buýurup bolýar.

 

Meseleleriňizi dessine çözmegiň ýoly 

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy size amatly şertlerde dikuçar üpjün edýär. Ähli aýratynlyklar anyklaşylandan soňra kompaniýanyň iş dolandyryjysy size gatnawyň bahasyny habar berer. Biz Siziň islendik talabyňyza laýyk geljek, ýagny:

  • Ýolagçy we ýük daşamak işleri,
  • Näsagy hassahana eltmek işleri,
  • Ejir çekeni halas etmek işleri,
  • Gezelenç maksatly gatnaw,
  • Iş saparlary,
  • Baýramçylyk çäreleri,
  • Öňdebaryjy jemgyýet wekillerini gyssagly ýagdaýda uçurmak işleri,
  • Ýangyn söndürmek işleri,
  • Gurluşyk we beýleki howa bilen daşamaly işler üçin,
  • Howa klublarynyň türgenleşik uçuşlary üçin,
  • Ylmy barlag maksatly dikuçar görnüşlerini berip bilýaris.

Aşakda sanalan goşmaça hyzmatlar üçin:

  • Dikuçarda nika toýunybellemek, doglan güni bellemek, ýatlanýanseneleri bellemek, firmanyň gazanan üstünlikleri bellemek ýaly belli wakalara bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryny howa gämisinde bellemek,
  • Gezelenç syýahatlaryna ýörite hünärmen bermek,
  • Barmaly ýerde limuzin kysymly awtoulagly dabaraly garşy almak hyzmatlaryny buýurmak üçin resmileşdirilýän wagty AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň işgärine habar ediň.
Читайте также:  Türkmenistanda uçar kärendesine almagyň bahasy

Siz näme isleseňiz, biz islegiňizi kanagatlandyrmaga taýýar, sebäbi VIP-müşderiler bilen iş alyp barmak –kompaniýamyzyň alyp barýan esasy ugurlarynyň biri.

 

Howa gezelençleri

Türkmenistan syýahatçylaryň köp barýan ýurdy däl hem bolsa, bir gezek baryp ýerli gözelliklerigören turistiň ýene gelesi gelip dur  . Türkmenistan, daşary ýurt myhmanlarynyň seýrek gelýänýapygrak ýurt bolsa da, gelip gören turist Türkmenistanda gadymky döwrüň ajaýyp dünýäsi bilen garşylaşýar.

Türkmenistan – uly ýurt, onuň ýadygärlikleri we beýleki görüljek ýerleri birek-bireginden uzakda ýerleşýär. Has köp owadan we gyzykly ýerleri görmäge mümkinçilik tapmak diňe dikuçar bilen bolar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň beren dikuçary bir ýerden beýleki ýere çalt barýany üçin, gonan ýerinde pyýada gezelenç etmäge wagt döreýär.

Köp müşderilerimiz ýadygärlikleri dikuçardan synlamagy oňaýly görýärler. Bu bolsa panorama görnüşi synlamaga we bir bakyşda köçeleri we şäherleri synlamaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Ünsüňizi has gyzyklandyran ýadygärlikleri ýa-da binalary gezip görmek üçin Size has köp wagt aýyrmagyňyza oňaý berýär. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy siziň ähli islegleriňizi hasaba alyp Sizin üçin şahsy meýilnama düzýär.

 

Syýahat etmeli ýerleriňiz

Türkmenistanda Aziýanyň gadymky döwür medeniýetleriniň galyndylary saklanyp galan, şonuň üçin hem taryhyň söýerler hökman bu ýurda gelip görmeli. Parfiýa şalygynyň görmegeý paýtagty Nusaýy, Aziýanyň gadymy döwletleriniň biri bolan Merwi, gowakda saklanyp galan we döredilenine eýýam üç müň ýyl bolan Ýekedeşigi, Hytaýyň Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän Sarahsy, Musulmanlaryň gymmatlyklarynyň hazynasy Köneürgenji we käbirleri UNESCO dünýä mirasynyň sanawyna goşulan beýleki ýadygärlikleri hem hökman baryp görmeli.

Читайте также:  Türkmenistanda sanitar howa gämisini buýurmak

Adam eli bilen döredilen sungatlardan başga-da bu ýerde tebigy gözellikler hem az däl. Olaryň hatarynda meşhur Garagum çölüni, uly gaýalary, janly jülgeleri we kiçi derýalary, ägirt uly penjeleriniň yzlary galan dinozawrlar platosyny agzamak mümkin.

Aýratyn ünsüňi Aý daglary çekýär. Köp syýahatçy dürli-dümen reňkler bilen öwüşýän bu täsinligi görmek üçin Türkmenistana ýörite gelýärler. Arzuwçyllary Garlyk gowaklarynyň syrly labirintleri, mistikleri bolsa çölüň ortasynda ýerleşen gynançly tapmaçaly  “Dowzahyň gapysy” ünsüňi çekýär.

Bathyz çöketligini we onuň aýylganç oýlugy Ýeroýlanduza baryp görüň, Çalsu çeşmesini we howlukmaç leňňeçleriň durmuşyny synlamakdan lezzet alyň, Uly Balhanyň ajaýyp baýyrlyklarynyň üýtgeşik suratlaryny çekiň we Boýadag wulkanyna tomaşa etmek mümkinçiligini elden bermäň.

Bu Türkmenistanyň diňe birnäçe gözellikleri: olaryň köpüsini dikuçaryň bortundan synlamak oňaýly bolýar, beýlekilerini bolsa pyýada gezelenç etmeli bolýarsyňyz. AVIAV TM (Cofrance SARL), siziň üçin ýurduň ýatdan çykmajak ýerlerine hem barmak bilen, gaýtalanmajak gezelenji gurnaýar, gatnaw ugurlaryny bolsa siziň özüňiz belleýärsiňiz – biz müşderilerimiziň ähli isleglerini ýerine ýetirýäris.