(Cofrance SARL) Halkara lukmançylyk tiz kömegi merkezi tarapyndan gurnalan Türkmenistandaky sanitar howa gatnawlary. Lukmançylyk uçarlarynyň aýratynlyklary we zerur bolýan halatlary.

Ýewropanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende Türkmenistanda sanitar uçarlary we dikuçarlary köp ulanylmaýar. Muňa garamazdan, bu ugur depginli kämilleşýär, hiçbir zadyň saglykdan has wajyp bolmandygy sebäpli, hassa howa gatnawy gymmat hem bolsa talap edilýän bolup barýar.

Türkmenistanda, sanitar maksatly dikuçar ýa-da uçary AVIAV TM (Cofrance SARL) Halkara tiz kömek merkezinden buýuryp bolýar. Agyr hassany bejeriş nokadyna ýa-da ejir çekeni gyssagly hassahana ýetirmeli bolan ýagdaýda kompaniýanyň iş dolandyryjysy bilen telefon ýa-da internet arkaly habarlaşyň. Ýagdaýyňyzy düşündiriň, we zerur bolsa howa gämisi dessine uçar.

Türkmenistanyň çöllük we daglyk ýerlerinde barmagy kyn örän köp ýerler bar. Emma bu ýerlere dikuçar arkaýyn baryp näsagy alyp we hassahana getirip bilýär. Eger-de siz kyn ýagdaýa düşen bolsaňyz AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna ýüz tutuň: size ýöriteleşdirilen sanitar howa gämisi we lukmanlar topary goýberiler. Bu hyzmatlar tölegli bolup möçberi  gatnaw ugruna we gyssaglylyga bagly bolýar.

Читайте также:  Türkmenistanda uçar kärendesine almagyň bahasy

Size lukmançylyk uçary ýa-da dikuçar, haýsy hem zerur bolsa-da hökmany ýagdaýda:

  • Näsagyň ýagdaýyny,
  • Onuň  ýaşy we jynsyýetini,
  • Çagyrmagyň sebäbini,
  • Hassanyň salgysynu,
  • Gatnawa degişli islegleriňizi,
  • Habarlaşyk maglumatlaryny bermeli. 

Lukmançylyk uçary

Dikuçarlar Türkmenistanyň çäginiň içinde gysga aralara uçmaga oňaýly. Emma käbir ýagdaýlarda näsagy lukmançylyk kömeginiň has ösen ýurduna  äkitmeli ýagdaýlary döräp bilýär. Bu ýagdaýda, hassa üçin ýörite uçar buýurmaly bolýar. Muny hem, 2017-nji ýylda Ýewropada sanitar awiýasiýa gatnawlarynyň öňdebaryjysy bolan AVIAV TM (Cofrance SARL) halkara awiasiýa merkeziniň üsti bilen edip bolýar.

Sanitar uçarynda hem dikuçarda bolşy ýaly reanimasiýa otagy bar. Bular hassa krowady, hassanyň janyny iň howply halatda hem saklamak üçin zerur lukmançylyk enjamlary. Gatnawa hökmany suratda reanimasiýa lukmany bilen hassanyň diagnozuna görä degişli ugurda lukman ýoldaşlyk edýärler. Zerur ýagdaýda sanitar ýa-da medbrat hem goşulýar. 

 

Siziň şahsy meýilnamalaryňyz boýunça lukmançylyk gatnawy

Siz Türkmenistandan lukmançylyk gatnawy buýurmak isleseňiz AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna ýüz tutup ýagdaýyňyzy gürrüň beriň. Biz dünýäniň islendik ýurduna hem gatnawy gurnaýarys, we zerur bolsanäsaglyk boýunça ösen ýurtdan klinika hem maslahat berýäris. Goşmaça-da, hukuk hünärmenlerimiz hassahana bilen hyzmat şertnamasyny baglaşmaga we ýan resminamalary tertiplemäge ýardam ederler.

Читайте также:  TÜRKMENISTANDAKY HOWA MENZILLERI

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy hassany “koýkadan koýka” eltmek hyzmatyny gurnar.

  1. Hassany ýöriteleşdirilen reanimasiýa ulagynda daşaýarys.
  2. Howa menzilinde aýratyn zal we ähli resmi işleri çaltlaşdyryp geçirmek biziň boýnumuzda.
  3. Degişli ugurlar boýunça lukman we topary çagyrýarys.
  4. Howa gämisini zerur derman we enjamlary bilen üpjün edýäris.
  5. Daşary ýurtda ýany bilen adamyň bolmagyny üpjün edýäris
  6. Näsagyň we onuň ýany bilen barýan adamlaryň özlerini rahat duýmagy barada alada edýäris.

AVIAV TM (Cofrance SARL) müşderilerine gije-gündiz ýardam liniýasyny hyzmatda tutýar. Islendik mesele ýa gerekli maglumat ýa-da sorag boýunça öz oňaýly wagtyňyzda ýüzlenip bilýäňiz. Biz hususy şahslar bilen iş alyp barşymyz ýaly bejeriş merkezleri bilen hem iş alyp barýarys, meýilleşdirilen ýa-da gaýragoýulmasyz gatnawlary amala aşyrýarys.

 

Sanitar gatnawy haçan gerek bolýar?

Türkmenistanda lukmançylyk awiasiýa hyzmatlary diňe adaty gatnawlar bilen äkidip bolmaýan agyr hassalary daşamak üçin ulanylanok, eýsem daşary ýurtda çaga dogurylýan öýünde çaga dogurmagy meýilleşdirýän göwreli aýallary, hereket mümkinçilikleri çäklendirilen adamlary, şeýle-de hem maddy üpjünçiligi ýokary lukmançylyk maksatly syýahatçylary üçin hem peýdalanýarlar.

Читайте также:  Türkmenistanda howa ýük daşamalary

Bu gün köp ýurtlar ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny teklip edýärler. Bu hyzmatlara agyr hirurgiki operasiýasyndan başlap “biziň her birimiz üçin peýdaly bolan şypahanalardaky ýeňil bejeriş proseduralary degişli bolup durýar”. Siziň ýagdaýyňyz nähili hem bolsa, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy arkaly siz Türkmenistanda, ýany bilen lukmanyň bar bolan sanitar gatnawyna ýa-da hususy jetine buýurma berip bilersiňiz. Saglykdan gymmatly zat ýok, şonuň üçin hem saglygy saklamak we dikeltmek üçin serişdeleriňizi gysganmaly däl. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna ýüz tutuň we öz meseläňiz barada gürrüň beriň. Biz size degişli bejeriş merkezini salgy berýäris we ähli amatlyklary bolan syýahaty gurnaýarys.