AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy merkezi tarapyndan gurnalýan Türkmenistandaky howa ýük daşamalary. Uçar bilenýük daşamagyň bähbitleri, kompaniýanyndaşamaklyk işiniň oňaýly gurnalyşy

Ähli ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem ýük awiasiýasy möhüm orna eýedir. Howa ýoly kompaniýalaryň uly möçberde ýük daşamaklyk işi üçin ýük daşaýyjy uçarlary ulanýan yörite gatnawlar ýa-da kiçi möçberli ýük daşamaklyk işi üçin adaty gatnawlar ulanylýar.

AVIAV TM (Cofrance SARL) halkara awiasiýa merkezi bilen hususy uçar goşmak bilen islendik kategoriýa ýüki daşamak aňsatjak buýurup bolýar. Uçarly ýük daşamaly talabyňyzüçin kompaniýanyň iş dolandyryjysy bilen habarlaşyp:

  • Uçmaly we gonmaly nokady,
  • Ýüküň görnüşi, takmyny agramy we ölçegleri,
  • Ugradylmaly wagty,
  • Ugardyjynyň we kabul edijiniň salgylary,
  • Aýratyn we goşmaça talaplaryňyzy,
  • We habarlaşmak üçin maglumatlarybildiriň

AVIAV TM (Cofrance SARL) işgäri gatnawyň nyrhyny hasaplar we galan şertleri maslahatlaşmak üçin siziň bilen habarlaşar.

Biz, ýagdaýa we müşderiniň islegine laýyklykda ýüki hususy uçar ýa-da awiakompaniýanyň adaty gatnawy bilen ugratmaga taýýar. Bahasy gymmatýükleri, unikal ýa-da ägirt ulyölçegli ýükleri, şeýle-de hem adaty daşaýjylardan ugradyp bolmajak ýükleri daşamak üçin hususy uçar kärendä alynýar.

 

“Gapydan gapa” prosesiniň guramaçylygy

Awiakompaniýalaryň adaty gatnawlary mukdary az hususy ýükler üçin  has amatly. IslegiňiziAVIAV TM (Cofrance SARL) işgärine habar beriň we size iň amatly nyrhly ýük daşaýjynyhödürläris.

Читайте также:  Türkmenistanyň baýramçylyklaryna hususy gatnaw

Siziň yüki daşamak üçin haýsy görnüşi saýlanyňyza garamazdan, AVIAV TM (Cofrance SARL) “ähli zat goşulan” şertinde howa ýük daşamasyny gurnaýar:

  1. Ýük goýberijiden ýüki alýärys, tertipleýäris, gaplaýarys, gabyna bellik edýäris.
  2. Ýük üçin ýörite konteýner bilen üpjün edýäris.
  3. Howa menziline eltýäris.
  4. Ýanhatlaryny taýýarlaýarys we ýüki ätiýaçlandyrýarys.
  5. Gümrük işlerini resmileşdirýäris.
  6. Müşderä ýük internetden yzarlamaga mümkinçilik berýäris
  7. Ýükleri howa gämisine ýükleýäris.
  8. Ýük bölmeçesini ýüküňizeoňaýlaýarys.
  9. Gerek yagdaýynda ýüküň ýanyna hünärmen ýa-da ýaragly goragçyberýäris.
  10. Ugradylan amanadybaran ýerinde garşylaýarys.
  11. Ýüki alyjynyň gapysyna çenli eltýäris.
  12. Ýükleri gabyndan açyp jaýyna salýarys we öňki bolşy ýaly düzýäris

Şeýlelik bilen, AVIAV TM (Кофранс SARL) kompaniýasy “gapydan gapa” eltip bermek işiniň ähli tapgyrlaryny öz üstüne alýar. Gatnawyň nyrhyny we degişli ähli zatlary jikme-jik bilmek isleseňiz, kompaniýanyň hünärmeni bilen telefon ýa-da internet arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Biz Türkmenistanyň islendik şäherinden hem ýük daşap bilýaris, zerur ýagdaýda awtoulag we dikuçar hem ulanmaga mümkinçiligimiz bar.

 

Howa ýük daşamalarynyň bähbitleri

Ýükleri uçar bilen daşamak, gara ýol ýa-da deňiz ýoly bilen deňeşdirilendegymmatçyksa-da telekeçiler köplenç howa bilen daşamaklygyulanýarlar. Eger:

  • Çalt zaýalanýan harytlary,
  • Biologiki materiallary,
  • Möhüm dermanlary,
  • Gyssagly resminamalary,
  • Diri haýwanlar ýa-da ösümlikleri,
  • Gymmady ýokary we antikwariat ýaly zatlary awtoulag ýa-da gäme bilen hiç hili daşap bolmaýar.
Читайте также:  TÜRKMENISTANDAKY HOWA MENZILLERI

Tiz döwülgiç we bozulgyç ýük, has hem iýmitlik harytlar uzak ýola bolmaýar, olaryň sag-abat, bitin we ter ýagdaýda baryp gowuşmagy ähli zatdan möhüm. Uçar –iň basym we howpsuz daşamaklyk usuly. Ýükleri eltip gowşurmak üçin bir gün, kä halatda bolsa birnäçe sagat hem ýetýär.

 

Türkmenistanda daşalýan ýükler

Türkmenistandauly telekeçiler uly göwrümli pagta harytlaryny, haly we haly önümleri daşamak üçin uçara buýurma berýärler. Bu goşlary aýawly saklamaly we gysga wagtda alyjylara ýetirmeli bolýar.

Daşary ýutdan getirilýän harytlar barada gürrüň edilse, howa ýollary bilen ýurdumyza derman, himiki serişdeleri, azyk önümleri, elektron tehnika we enjamlary getirilýär. Eger-de siz Türkmenistanda işiňizi ýola goýmak ýa-da kämilleşdirmek isleseňiz AVIAV TM (Cofrance SARL) ýüz tutup bilersiňiz. Biz, gerekli ýurtdan amatly şertlerde howa ýük daşamasyny gurnamaga ýardam edýäris

 

AVIAV TM (Cofrance SARL) bilen hyzmatdaşlyk saklamagyň bähbidi

  • AVIAV TM (Cofrance SARL) müşderileri bilen bir gezek iş alyp barşy ýaly uzak möhletleýin hem hyzmatdaşlyk saklaýar
  • Biziň müşderilerimiz fiziki şahslary we hukuk edaralary bolup durýar
  • Biz, awtoulag, ýahta we kosmos stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlary ýaly uly göwrümli ýükleriň ähli görnüşleri bilen iş alyp barýarys. Ýarag, narkotiki serişdeleri, döwlete degişli bolan taryhy gymmatlyklary ýaly daşamak gadagan edilen ýükleri daşamaýarys.
Читайте также:  Türkmenistanda dikuçar buýurmak

AVIAV TM (Cofrance SARL) hünärmenleri her bir ýagdaýa hem ünsli çemeleşýärler, we käwagt, amatly görnüşini müşderiniň özüniň saýlamaga mümkinçiligi bolar ýaly daşamagyň birnäçe görnüşlerini teklip edýärler. Siziň, haýwanlary, mebeli, saz gurallaryny, tehniki enjamlaryny ýa-da sport inwentaryny, näme daşamak meýilleşdirýäniňiz wajyp däl. Islendik ýagdaý-da hem size şahsy çemeleşme ýola goýulýar, aýdyň maliýe hasabaty we ýükleriň abatlygyna kepil geçmek üpjün edilýär.

Türkmenistanda regulýar ýük gatnawlary we uly göwrümli çarterleri köp däl. AVIAV TM (Cofrance SARL) islnedik, gatnaw ýetmezçilik edýän ugur boýunýça uçar bilen üpjün edýär, şol sanda seýrek we adaty däl ugurlar boýunça hem. Zerurçylygy ýüze çykan ýagdaýynda, biz, barmasy kyn bolan ýerlerine hem uçmaga taýýar bolan ýük dikuçarlaryny hem ulanýarys.

Türkmenistanda howa ýük daşamasyna zerurçylyk dörän ýagdaýynda AVIAV TM (Cofrance SARL) iş dolandyryjysy bilen habarlaşyň we eltip bermek boýunça amatly şertlerinden peýdalanyň.