
Türkmenistanda ýerleşýän howa menzilleri, uly halkara howa menzilleri we olaryň oňaýlyklary. Howa dolandyryş merkeziAVIAV TM (Cofrance SARL) bilen hususy gatnaw buýurmak.
Türkmenistanda dört esasy howa menzil bar bolup olaryň ählisi halkara howa menzili derejesinde. Bulardan başga, içerki gatnawlarahyzmat edýän birnäçe howa menzili we aýratyn dikuçar meýdançalary hem bar.
Awiasiýa dolandyryş merkezi AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynasize oňaýly bolan islendik howa menzilinden hususy gatnaw üçin uçar buýurup bilersiňiz.Emma, daşary ýurdagatnaw üçin uçary bolsa diňe halkara derejeli howa menzilinden buýurup bolýar.
“Aşgabat” paýtagt howa menzili
Ýurduň esasy howa menzili Aşgabatdan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýär we dünýäniň uly awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda bolup gatnawlaryň uly bölegini kabul edýär. 2013-2016-njy ýyllarda bu howa menziliniň durky düýpli täzelenip, öran oňaýly we döwrebap ýagdaýa geldi,we ýolagçy geçirijilik ukybybir ýarym milýonabarabar boldy.
Paýtagt howa menziliniň uzynlygy 3800, 2900 we 1800 metr bolan üç uçuş-gonuş zolagy bar. Bu zolaklara iň uly uçarlar we dürli görnüşli dikuçarlar hem gonup bilýär. Howa menzilinde ýolagçylara, ýüklere we hususy awiasiýa hyzmatlaryndan peýdalanýan VIP (örän ähmiýetli şahys)-derejesindäki ýolagçylarahyzmat edýän üç terminal bar.
Howa menzilinde garaşylýan zallar, salgytsyz söwda dükanlary, internet hyzmatlary, ene we çaga otagy, lukmançylyk nokady, ýol petegi satyş nokady, el goş saklanýan kamera, kafe, restoran wedaşary ýurt puly alyş-çalyş nokady ýaly ähli döwrebap oňaýlyklar göz öňüne tutulan. Şähere awtobusda ýa-da takside edil on bäş minuda baryp bolýar.
Aşgabadyň howa menzili halkara gatnawlaryň uly bölegine hyzmat berýär. Esasy gatnaw ugurlary: Minsk, Moskwa, Dubaý, Baku, Urumçi, Alma-Ata, Frankfurt-na-Maýne, Stambul, Bankgok, Pekin, Deli, Sankt-Peterburg, Birmingem, London, Kiýew, Kazan. Şeýle hem Abu-Dabi, Singapur, Lýuksemburg, Dakka hemişe gatnaýan ýük gatnawlary bar.
Heniz goýulmadyk ugurlar weşol sanda ýük gatnawlar üçin çarter gatnawy AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanypbuýurup bilerisiňiz. Kompaniýamyzyň wekili bilen telefon ýa internet arkaly habarlaşmagyňyz, ýa-dainternetdäki sahypamyzdaky degişliresminamany doldurmagyňyz ýeterlikdir.
“Türkmenbaşy”
Türkmenistanyň ýene-de bir tanymalbolan howa menzili Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýär. OL 1959-njy ýylda gurulan gadymy howa menzili. 2011-nji ýylda durky täzelendi, hususan-da 3500 metr uzynlygynda täze uçuş-gonuş zolagy guruldy.
Öňki wagt “Boing 757” uçarlaryndan uly gämileriň gonup bilmeýän bu howa menziline häzirki wagt ähli uly uçarlar hem gonýar. Howa menzilinde ýolagçy, ýük we hususy awiasiýa müşderileri üçin üç terminal bar. VIP (örän ähmiýetli şahys) –ýolagçylar üçin binada: mejlisler zaly, iş duşuşyklary we dabaralar üçin zal ýaly goşmaça oňaýlyklary hem bar. Howa menziliniň ýolagçy geçirijilik ukyby sagatda 800 ýolagçy.
Howa menziliniň esasy howa gatnadajysy “Türkmen howa ýollary” milli awiakompaniýasy. Meşhur gatnaw ugurlary: Aşgabat, Türkmenabad, Mary, Stambul, Daşoguz. Gonkong, Tbilisi, Baku, Lýuksemburg, Budapeşt, Wena, Taýbeý ugurlary ýük gatnawlary.
Aýratyn terminaly sebäpli, “Türkmenbaşy” howa menzilinde AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyňhödürleýän hususy gatnawlaryhem uly talap görýär. Daşary ýurtlara gatnawlaryň ýetmezçiligi, ýokary üpjünçilikliýolagçylar hususy uçar alyp, islän şäherine gonmasyz syýahat etmäge mejbur bolýarlar.
“Türkmenabat”
Türkmenistanyň ululygy boýunça üçünji howa menzili Türkmenabat şäheriniň ýedi kilometr golaýynda ýerleşýär. Ol sagatda 500 ýolagçy geçirijilik ukyby bilen halkara derejeli howa menzili.
Olmenzil uly howa çatrygybolupýerleşýän meýdanynda kyrkdan gowrak desga bar. Bu howa menzilinde hem ýolagçy, ýük we VIP- ýolagçylar üçin üç terminal bar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hususy uçarlary islendik wagtda bärden uçmaga taýýar.
Howa menziliniň üç uçuş-gonuş zolagy bar. Olaryň esasysynyň ölçegi 4000/65 metr bolup uçarlaryň we dikuçarlaryň ähli görnüşlerini kabul edip bilýär. Beýleki iki zolagyň her biriniň uzynlygy 3000 metr.
Türkmenabat howa menzilinden dowamly gatnawlary A5 awiakompaniýasy ýerine ýetirýär. Gatnawlaryň uly bölegi Aşgabat, Daşoguz, Türkmenbaşy, Mary, Balkanabat şäherlerine gatnaýan içki gatnawlar. Bu howa menzilinden dünýäniň islendik nokadynaAVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy bilen halkara gatnaw buýurmak örän golaý bolany üçinköplenç işewürler talap bildirýärler we şol sanda yük howa gatnawlary üçin peýdalanýarlar.
“Mary”
Türkmenistanyň dördünji, kiçiräk hem bolsa talaby ýokary howa menzili Mary şäheriniň eteginiň alty kilometr golaýynda ýerleşýär.
Ol menzil sagatda 300 ýolagçy geçirip bilýär.Bu howa çatrygy halkara derejesine eýe.
2009-njy ýylda howa menziliniň meýdanytäzeden gurnalyp, şol sanda terminaly täze binasy guruldy.
Indi, howa menzilinde:rahat garaşylýan zal, kafeteriýa, internet we poçta hyzmatlary, daşary ýurt pulyny alyş-çalyş nokady, el goş saklanýan kamera, ýol petegi satyş nokady ýaly ähli zerur oňaýlyklar döredilen. VIP ýolagçylar üçin aýratyn zal göz öňüne tutulan.
Menziliň iki uçuş-gonuş zolagy bolup ähli görnüşli uçarlary kabul edip bilýar. Uçuş-gonuş zolaklarynyň uzynlygy 3800 we 2800 metr. Emma Mary şäherinden dowamly gatnawlar az ýerine ýetirilýär we ählisi içki gatnawlar.Bu Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Balkanabat şäherlerine uçýan gatnatlar.
Ýokary üpjünçilikli ýolagçylaryň kömegine işewür awiasiýa ýetişýär. Mary şäherine hususy uçar gatnawyny buýurup ol ýerden dünýäniň islendik şäherine göni uçup bolýar.